SPORT

Çempionlar ligasy täzeden başlaýar: “PSŽ” – “Bawariýa”

Ýewropa sebitiniň naýbaşy ýaryşy hasaplanýan we köp sanly futbol janköýerlerini özüne bendi edýän UEFA Çempionlar Ligasynyň 1/8 final duşuşyklary bilen badalga alýar.

Mälim bolşy ýaly, Katarda geçen dünýä çempionaty sebäpli milli çempionatlara we Ýewropanyň öňdebaryjy ýaryşlaryna arakesme berildi. Şol arakesmelerden soňra Çempionlar ligasy täzeden başlaýar.

1/8 finalyň ilkinji 2 duşuşygynda «Milan» öz meýdançasynda «Tottenhamy», «PSŽ» bolsa «Bawariýany» kabul eder. Aşgabat wagty bilen 01:00-da başlanjak duşuşyklary “IP TV” ulgamynda birnäçe teleýaýlymda göni ýaýlymda tomaşa etmek mümkinçiligi bolar.

UEFA Çempionlar Ligasynda ertir hem 2 duşuşyk geçiriler. Onda «Borussiýa Dortmund» — «Çelsi», «Klub Brýugge» — «Benfika» toparlary duşuşar.

Ýene-de okaň

Fransiýa çärýek finalda Marokko bilen oýnar

Marokko ilkinji bolup çärýek finala çykdy

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempionaty: 1/8 finalyň duşuşyklary belli boldy

Messiniň rekordlary bilen Argentina 1/8 finala çykdy

Portugaliýa bilen Ispaniýa 1/8 finalda duşuşar

Garri Keýn meşhur Peleden öňe saýlandy