SPORT

Germaniýanyň futbol ýygyndysyna Hans Flik tälimçilik eder

«Ýewro ― 2020»-den soň Germaniýanyň futbol boýunça milli ýygyndysyna täze baş tälimçi belleniler.

Ýurduň Futbol Assosiasiýasynyň habaryna görä, 2020 ― 2021-nji ýyllaryň möwsüminde «Bawariýanyň» baş tälimçisi bolan Hans-Diter Flik bilen bu babatda şertnama gol çekildi. Ol milli ýygyndyda Ýoahim Lýöwiň ornuny eýelär. 56 ýaşly hünärmen bilen 2024-nji ýyla çenli şertnama baglaşyldy.

Flik Mýunhen klubynda 2019-njy ýylda iş başlapdy. Şo wagtda ol  Niko Kowaçyň ornuny eýeläpdi. Bu döwür içinde Flik klub bilen bilelikde, Germaniýanyň çempiony boldy, ýurduň Futbol kubogyny we Naýbaşy kubogyny eýeledi, UEFA-nyň Çempionlar ligasynda, Ýewropanyň Superkubogynda hem-de klublaryň arasyndaky dünýä çempionatynda üstünlik gazandy.

 

Ýüzüňizi Gün şöhlesinden goraň!

 

 

Related posts

“Mançester Siti” topary özbek futbolçy bilen şertnamasynyň möhletini uzaltdy

Tokio oýunlarynyň ykbaly nähili bolar?

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanly türgenler halkara ýaryşyň birinji gününde 14 medal gazandy