DÜNÝÄ

GDA-nyň hökümet Baştutanlarynyň mejlisi Türkmenistanda geçiriler

Şu gün Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkekde birbada 3 sany ýokary derejeli duşuşyk geçirildi. Gyrgyz tarapy Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisini, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň düzümine girýän döwletleriň hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisini hem-de Ýewraziýa geňeşiniň mejlisini kabul etdi.

Bu duşuşyklara Türkmenistana wekilçilik edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow gatnaşdy.

GDA-nyň ýokary derejeli duşuşygynda gün tertibiniň esasy meseleleri boýunça pikir alşyldy we 20 resminama kabul edildi. Şol resminamalaryň hatarynda GDA-nyň çempionatyny geçirmek düzgünnama hem bar.

Şeýle hem hökümet Baştutanlary maliýe we ykdysady meseleler boýunça hem pikir alyşdylar.

Duşuşygyň jemleri boýunça Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň düzümine girýän döwletleriň hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň indiki mejlisini 2024-nji ýylda Türkmenistanda geçirmek barada karar kabul edildi.

 

Related posts

Grin Kard boýunça utujylar haçan belli bolýar?

Ata Watan Eserleri

Si Szinpin: hytaý-türkmen hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine uly üns berýärin

Ata Watan Eserleri

Aziýa ösüş banky Aşgabatda Lukmançylyk orta okuw mekdebiniň gurluşygyny maliýeleşdirer

Ata Watan Eserleri