BIZNES

“Gazprom” kompaniýasy Gazagystan we Özbegistan bilen ylalaşyklar baglaşdy

Russiýanyň  “Gazprom” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Merkezi Aziýa döwletleri – Gazagystan we Özbegistan bilen gaz pudagynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrýar. Bu barada rus kompaniýasynyň resmi sahypasynda bellenilip geçilýär.

“Gazprom” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy Alekseý Miller 2023-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda Gazagystanyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Roman Sklýar bilen gepleşikler geçirdi we şol duşuşykda Alekseý Miller bilen Roman Sklýar gaz pudagynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça “ýol kartasyna” gol çekdiler.

Şeýle hem şu gün – 24-nji ýanwarda “Gazprom” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy Alekseý Miller Özbegistanyň energetika ministri Žurabek Mirzamahmudow bilen duşuşdy. Bu duşuşykda hem  gaz pudagynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça “ýol kartasyna” gol çekildi.

Russiýanyň  “Gazprom” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň wekilhanasy Gazagystanda 2008-nji ýyldan bäri iş alyp barýar.

Özbegistan 2023-nji ýylda 56,3 milliard kubmetr tebigy gaz öndürmegi maksat edinýär. Bu 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 4,6 milliard kubmetr köp bolar. Bu barada Özbegistanyň Premýer-ministri Abdulla Aripow belledi.

Şeýle hem Premýer-ministr Abdulla Aripow Özbegistanyň Energetika ministrligine tebigy gazy, elektrik toguny, kömür we mazudy import etmek meselesini gözden geçirmegi tabşyrdy. Ministrlige daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gepleşik geçirmek tabşyryldy.

Ýene-de okaň

Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň mejlisi geçiriler

Türkmen-türk ykdysady hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Daşoguz şäherindäki pagta egriji fabrikde täze önümçilik işe giriziler

Türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

Türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi

Taryhy waka: «Aýdyň Gijeler» kompaniýasy Eswatini Patyşalygynda iki sany täze kärhanany gurýar