JEMGYÝET

Gazet -žurnallary elektron görnüşine geçirmek barada Tertip

Şugün geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisininde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa ýurdumyzda çap edilýän gazetleri we žurnallary ilata ýetirmekde sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler, şeýle hem Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çärelerine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanylan 2020-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda hem-de döwlet Baştutanymyzyň gazet-žurnallary elektron görnüşine geçirmek barada beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, bu işleri geçirmegiň degişli Tertibi işlenip taýýarlanyldy. Wise-premýer işlenip taýýarlanylan resminamada öňde goýlan wezipeleri çözmek üçin gaýragoýulmasyz çäreleriň hem-de gazetleriň we žurnallaryň elektron görnüşine geçirilmeginiň tygşytlylygy baradaky maglumatlaryň beýan edilendigini aýtdy we ony hormatly Prezidentimiziň garamagyna berdi.

Şeýle hem baýramçylyk mynasybetli paýtagtymyzda we welaýatlarda türkmen halkynyň milli däpleriniň baýlygyny beýan edýän dürli medeni çäreleri geçirmegiň meýilleşdirilýändigi habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp we döwürleýin neşirleri elektron görnüşine geçirmegiň ähmiýetini nygtap, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerini sanly ulgama geçirmegiň, olary häzirki döwrüň talaplarynyň derejesine çalt çykarmagyň zerurdygyny nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ulgamyň edaralarynyň işini häzirki döwrüň ülňüleriniň derejesine çalt çykarmak hem-de işgärleriň okamagy we hünär derejesini ýokarlandyrmak babatda mümkinçilikleri döretmek üçin öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmegiň hem-de özleşdirmegiň möhümdigini belledi.

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Türkmenistan göni we “swap” tebigy gazyny eksport etmäge taýýar

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Türkmenistan “Transhazar” gaz geçirijisine çynlakaý garaýar

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri ABŞ-da Erik Stýuart bilen duşuşdy

Arkadag şäherinde we Awaza döwrebap golf meýdançalary gurlar

Türkmen ýaşlarynyň dykgatyna: Rumyniýada okamak üçin resminamalar kabul edilip başlanýar

Aşgabatda geçirilen maslahat Türkmenistanyň diplomatiýasynyň barha artýan ornuny tassyklady