JEMGYÝET

Gazagystanyň Prezidenti Türkmenistanyň daşary işler ministrini kabul etdi

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew resmi sapar bilen Astana şäherine baran Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowy kabul etdi. Bu barada Gazagystanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Gazak Prezidenti türkmen-gazak gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyna ýokary baha berip, bu gatnaşyklaryň dostluk, hoşniýetçilik goňşuçylyk hem-de strategik hyzmatdaşlyk ýörelgesi esasynda pugtalanýandygyny belledi.

– Türkmenistany ygtybarly strategik hyzmatdaş hökmünde garaýarys. Hakykatdan hem soňky ýyllarda biziň döwletlerimiziň arasyndaky hyzmatdaşlyk ähli ugurlar boýunça ösdürilip, ykdysadyýetiň strategik pudaklary boýunça täze ösüşe eýe bolýar – diýip, Prezident Kasym-Žomart Tokaýew belledi.

Şeýle hem Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň Prezidentine hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Türkmen tarapy hem öz gezeginde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy döwletara gatnaşyklaryynyň ähli ugurlary boýunça ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassyklady.

Duşuşygyň barşynda sňwda-ykdysady, energetika we ulag-logistika ugurlarynda iri taslamalary durmuşa geçirmegiň ugurlary boýunça pikir alşyldy.

Şeýle hem medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryna aýratyn ähmiýet berlip, bu gatnaşyklary her geçen ýyl täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygy aýdyldy.

Mundan başga-da, taraplar sebit we halkara gün tertibiniň meselelerini ara alyp maslahatlaşyp, öňde boljak ýokary derejedäki duşuşyklar babatda pikir alyşdylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny dörediler

Atagulyýew: Türkmenistan ulag geçelgeleriniň ösüşine aýratyn ähmiýet berýär

İlham Aliýew TDG-niň hökümet baştutanlary bilen duşuşdy

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdy

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy