JEMGYÝET

Gazagystanyň Prezidenti Italiýada we Watikanda saparda bolar

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew 18-19-njy ýanwarda Italiýa Respublikasynda we Watikan Döwletinde resmi saparda bolar. Bu barada Gazagystanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Kasym-Žomart Tokaýew saparynyň birinji gününde Italiýanyň Prezidenti Seržo Matarello hem-de Premýer-ministri jorji Meloni bilen duşuşar.

Şeýle hem gazak Lideri “Gazagystan-Italiýa” maýa goýum tegelek stolunyň başyndaky duşuşyga gatnaşyp, iri italýan kompaniýalaryň ýolbaşçylary bilen duşuşar.

19-njy ýanwarda Kasym-Žomart Tokaýewiň Rim Papasy Fransisk bilen duşuşygy göz öňünde tutulýar. Şeýle hem Gazagystanyň Prezidenti Azyk we oba hojalyk guramasynyň we BMG-niň Bütindünýä azyk maksatnamasynyň merkezi edarasyna baryp görer.

Related posts

Täze ýolbaşçylar wezipä bellendi

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Türkiýe Respublikasyna iş sapary başlandy

Türkmenistanyň Prezidentiniň milli garaýyşlary BMG-niň resminamasy hökmünde neşir edildi