JEMGYÝET

Gazagystanyň Prezidenti Aşgabada geldi

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan halkara foruma gatnaşmak üçin Aşgabada geldi.

Aşgabadyň halkara howa menzilinde Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşygy boldy.

– Şeýle hem foruma gatnaşmak üçin Türkmenistan tarapyndan iberilen çakylygy uly höwes bilen kabul etdim. Forumyň gün tertibi häzirki zaman şertlerinde örän uly ähmiýete eýedir. Şeýle hem onuň BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygyna gabatlanan ýylda geçirilmeginiň hem uly manysy bar. Ertirki forumyň üstünliklere beslenjekdigine, şeýle hem munuň Türkmenistanyň ählumumy derejede durnuklylygy üpjün etmekden oňyn goşandy boljakdygyna pugta ynanýaryn – diýip, Kasym-Žomart Tokaýew belledi.

Şeýle hem gazak Lideri Türkmenistanyň Prezidentiniň noýabr aýynda Gazagystana amala aşyran döwlet saparynyň netijelerine ýokary baha berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri öz gezeginde Gazagystanyň Prezidentine Türkmenistanda geçirilýän halkara wekilçilikli foruma gatnaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ikitaraplaýyn gatnaşyklara barada aýdylanda bolsa, Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana amala aşyran döwlet saparynyň ähmiýetiniň uludygyny belledi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdy

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy

Türkmenistan bilen Belarus ynsanperwer gatnaşyklaryny berkidýär

Ata Watan Eserleri

25-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi geçiriler

Türkmenistan bilen BMG täze resminamalara gol çekişdi