DÜNÝÄ

Gazagystanda Konstitusiýa üýtgetmeler giriziler

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew 5-nji iýunda Konstitusiýa üýtgetmeler girizmek babatda sala-salyşlygy geçirmek hakyndaky karara gol çekdi.

Sala-salyşlykda “Gazagystan Respublikasynyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” kanun taslamasy boýunça ses berler.

Ýurduň raýatlaryna Konstitusiýa üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek baradaky kanun taslamasynda göz öňünde tutulan üýtgetmeleri we goşmaçalary kabul edip-etmeýändigi soralar. Bu kanun taslamasy şu gün ýurduň metbugatynda dolulygyna çap ediler.

Göz öňünde tutulan konstitusion özgertmelerde parlamentiň we ýerli häkimiýetleriň rolunyň güýçlendirilmegi, raýatlaryň konstitusion hukuklarynyň we azatlyklarynyň goralmagy babatda üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek göz öňünde tutulýar.

Ýurduň işçi topary tarapyndan Konstitusiýanyň 33-nji maddasy boýunça üýtgetmeler taýýarlady, ol hem ýurduň esasy kanunynyň maddalarynyň üçden birini düzýär.

Gazagystanda sala-salyşlyklar 2 gezek geçirildi. Onuň ilkinjisi 1995-nji ýylyň aprelinde geçirilipdi. Onda ýurduň prezidentiniň ygtyýarlyk möhletiniň uzadylmagy göz öňünde tutulypdy. 4 aýdan soňra ýene-de biri geçirilip, onda häzirki hereket edýän Konstitusiýa tassyklandy. 1995-nji ýyldan bäri ýurduň Esasy kanunyna 5 gezek üýtgetmeler girizildi.

 

 

Talhatan Baba

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti «Köppolýarlylyk döwri: ugurlaryň köplügi, bir geljek» atly Dubrownik forumyna gatnaşdy

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy Türkmenistanda saparda bolar

Türkmenistanyň Mejlisinde Dmitriý Şlapaçenko bilen duşuşyk geçirildi

Ankarada Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi

Türkmenistanyň we Bütindünýä gümrük guramasynyň wekilleri Brýusselde duşuşdy

Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary