JEMGYÝET

«Galkynyş» toparynyň Balkan topragyndaky çykyşlary

Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 13-nji fewralynda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli atçylyk we atly sport ugurlary boýunça çäreleriň Maksatnamasynyň işlenip taýýarlanandygyny aýdyp, degişli resminamalara gol çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Balkanabat şäherinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň halkara giňişlikde gazanan nobatdaky üstünligine bagyşlanan dabara geçirildi.

Şu ýylyň ilkinji aýynda Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde 48-nji halkara sirk sungaty festiwalynyň çäklerinde geçirilen dabaraly çärede «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalaryň gowşurylmagy ýurdumyzyň bu ugurdaky abraýly ornuny has-da berkitdi.

«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň dabaranyň dowamyndaky görkezen çykyşlary balkanly tomaşaçylaryň çäksiz hormatydyr söýgüsine mynasyp boldy. Sirk ussatlarynyň bedewleriň üstündäki sazlaşykly hereketleri, görkezen oýunlarydyr çylşyrymly tilsimleri-de «Türkmeniň ak öýi» binasynyň üç müň orunlyk tomaşa zalyny dolduryp oturan janköýerleriň şatlyk-şowhunyny has belende galdyrdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdy

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy

Türkmenistan bilen Belarus ynsanperwer gatnaşyklaryny berkidýär

Ata Watan Eserleri

25-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi geçiriler

Türkmenistan bilen BMG täze resminamalara gol çekişdi