BIZNES

“Galkynyş” gaz käninde goşmaça gaz guýulary gazylar

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Galkynyş” gaz käninde goşmaça gazylmagy göz öňünde tutulan gaz guýularynyň buraw işleri üçin zerur bolan serişdeler bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bu gaz känini tapgyrlaýyn esasda özleşdirmek babatda zerur işler geçirilýär. “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň birinji tapgyrynda ulanmaga berlen önüm berýän gaz guýularynyň bökdençsiz we ygtybarly işlemegini üpjün etmek maksady bilen, goşmaça gaz guýularynyň birnäçesini burawlamak, önümçilige girizmek meýilleşdirilýär. Olary ýörite enjamlar bilen üpjün etmek zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, «Galkynyş» gaz käninde goşmaça gazylmagy göz öňünde tutulan gaz guýularynyň buraw işlerini ýerine ýetirmek üçin zerur serişdeler bilen üpjün etmek boýunça teklibi goldap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Gruziýanyň wekiliýetleriniň duşuşygy

“Petronas” dekabr aýynda Türkmenistanda geologiýa-gözleg işlerine başlar

Türkmen telekeçileriniň Azerbaýjana işewürlik saparyny guramak meýilleşdirilýär

2026-njy ýylyň 6 aýynda 4.1 million tonna nebit çykaryldy

Türkmenistanda 6 aýda 39 milliard kubmetrden gowrak tebigy gaz öndürildi

Azerbaýjan bilen Türkmenistan ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdy