BIZNES

Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 7-nji mejlisi geçirildi

Şu gün paýtagtymyz Aşgabatda türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 7-nji mejlisi geçirildi. Oňa Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy.

Irden ýurdumyza iş sapary bilen gelen Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşdy. Duşuşykda taraplar iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem paýtagtymyz Aşgabatda türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 7-nji mejlisi guraldy. Onda türkmen tarapyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Atdaýew, azerbaýjan tarapyna Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow başlyklyk etdi.

– Iki ýurduň ykdysady bähbitlerine jogap berýän başlangyçlary ara alyp maslahatlaşdyk. Şeýle hem senagat, söwda, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, energetika, ulag, oba hojalygy ýaly ugurlardaky hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alşyldy – diýip, Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow belledi.

Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow Aşgabatda iş saparynda bolmagyň çäklerinde Söwda-senagat edarasynda geçirilen “Agro-Pak Türkmenistan-2023” atly halkara sergä hem aýlanyp gördi.

Related posts

Merkezi Aziýa sebitiniň telekeçileri üçin onlaýn okuw

Ata Watan Eserleri

Paýtagtymyzyň günorta böleginde «AŞGABAT» ýazgysy peýda bolar

52 sany döwlet emlägi hususylaşdyryldy