SPORT

Futzal boýunça milli ýygyndy topara täze baş tälimçi bellenildi

Futzal boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy topary Kuweýtda geçiriljek Aziýanyň futzal çempionatyna taýýarlyk işlerini ýokary guramaçylykly alyp barýar. Şonuň bilen bagly, futzal boýunça milli ýygyndymyzyň baş tälimçisi wezipesine türkmenistanly hünärmen Guwanç Kanaýew bellenildi diýip, Türkmenistanyň Futbol Federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

G.Kanaýewiň ýurdumyzyň futzal toparlary, ýagny 2012-nji ýylda milli ýygyndymyzy, 2018-nji ýylda  ýaşlar ýygyndymyzy türgenleşdirendigini şol habarda aýdylýar.

Häzirki wagtda Kuweýtde geçiriljek Aziýanyň futzal çempionatyna türgenleriň giň gerimde taýýarlyk görmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Indi ýygyndy topar Guwanç Kanaýewiň tälim bermeginde ýaryşa taýýarlyk görerler.

G.Kanaýew 2019-2020-nji ýyllarda futzal boýunça milli ýygyndy toparynyň baş tälimçisi horwatiýaly hünärmen Robert Grdowiçiň kömekçisi wezipesini ýerine ýetirdi. Indi G.Kanaýew futzal boýunça milli ýygyndy toparymyza baş tälimçi bolup, oňa bu wezipede topary has-da ýokary derejede türgenleşdirmekde ýerli hünärmen Mekan Muhammetmyradow ýardam eder. Biz hem öz döredijilik toparymyzyň adyndan milli ýygyndy toparymyza uly üstünlikleri arzuw edýäris.

 

Durmuş Sahypamyz

Gündelik durmuşa degişli habarlary biz Durmuş sahypamyza ýerleşdirýäris.

Ýene-de okaň

Ýurgen Klopp Germaniýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy

Karim Adeýemi Ispaniýanyň “Barselona” futbol klubyna geçdi

Ýamal bilen Holand iň gymmat futbolçylar boldy

Kazemiro “Inter Maýami” toparynyň futbolçysy boldy

Türkmenistanyň sport federasiýalary resmi internet saýtlaryny işe girizdiler

Dünýä çempionatynyň finalyny rekord derejede 63 million adam tomaşa etdi