SPORT

Germaniýada ýylyň futbolçysy – Nkunku

Germaniýanyň “Bundesliga” futbol çempionatynda ýylyň futbolçysy mälim edildi. Ol “Leipsig” toparynyň futbolçysy Kristofer Nkunku boldy.

Nkunku bu möwsümde toparyň düzüminde 51 duşuşykda oýnap, 34 gol geçirdi we 16 goluň geçirilmegine ýardam etdi.

Fransiýaly futbolçy Ýewropa derejesindäki duşuşyklarda 12 gezek meýdança çykdy we Çempionlar ligasynda we Ýewropa ligasynda 11 gezek tapawutlandy.

24 ýaşyndaky Nkunku Frank Riberiden (2008) soňra “Bundesliga” çempionatynda möwsümiň iň gowy futbolçysy diýen derejä eýe bolan ikinji fransiýaly futbolçy boldy.

 

“Takiýa” başgaplary ozalky meşhurlygyna gaýtadan dolanyp gelýär

Related posts

Merkezi Aziýa döwletleri dünýä çempionatyny geçirmegi meýilleşdirýär

Ispaniýanyň çempionaty “Sewilýanyň” ýeňşi bilen başlady

Türkmenistanyň milli ýygyndysy Moskwada okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirer

Ata Watan Eserleri