JEMGYÝET

“Futbol bileti — wiza däl, diňe tizleşdirilen duşuşyk berýär”

Bilşiňiz ýaly, düýn köp adam “Atavatan Media”-nyň “FIFA Pass” adyndaky täze ulgam baradaky habaryny okady, diňledi we tomaşa etdi. Bu ulgam bilen 2026-njy ýylda ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriljek “World Cup 2026” futbol boýunça dünýä çempionatynyň Amerika tapgyryna tomaşa etmek üçin wiza almak boýunça käbir ýeňillikler mümkinçilikleri açyldy. Şeýle habar çykandan soň okyjylar köp sanly soraglar berdiler.

Bu mesele dogrusynda ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio şeýle düşündirdi:

“Bilet — wiza däl. Ol size ABŞ-a giriş kepilligini bermeýär. Diňe çaltlandyrylan wiza duşuşygyny üpjün edýär. Siz hem beýleki adamlaryň geçýän ähli howpsuzlyk barlaglaryndan geçmeli bolarsyňyz.”

Rubionyň bellemegine görä, programmanyň esasy maksady — futbol tomaşaçylary üçin wiza nobatlaryny öňe geçirmek, ýöne adaty howpsuzlyk barlaglarynyň ählisi öňküsi ýaly dowam edýär:

“Mysal üçin, Braziliýa ýa-da Argentina ýaly ýurtlarda wiza duşuşygy üçin bir ýyldan gowrak garaşmaly bolýardylar. Indi bolsa iki aýdan has gysga wagtda duşuşyk alyp bolýandygyny görýäris.”

“Atavatan Media” bu barada maglumat çykdykça, resmi sahypalarynda paýlaşyp durar.

Esasy bellik: Wiza ýeňilliginden peýdalanmak üçin hökmany şert — FIFA-nyň resmi saýtyndan bilet almak
Öňki tejribelerden belli bolşy ýaly, şeýle döwürlerde araçylyk edip bilet satýan, dürli ýollar bilen ynandyryp, adamlary aldaýan toparlar peýda bolup biler. Şonuň üçin:

Bileti diňe FIFA-nyň resmi saýtyndan özüňiz satyn alyň.

Dil päsgelçiligi bar bolsa, www.makulsozluk.com size kömek edip biler. Bu saýtdan dil kömegini alyp bilersiňiz. Mugt!

Biriniň üsti bilen bilet satyn alanyňyzda biletiň galp bolmak howpy bar. Şol ýagdaýda siz hem “galp işiň” tarapy hasaplanyp, wizadan ret almak, geljekde bolsa indiki wiza arzaňyzda kynçylyk çekmek howpy gaty ýokarydyr.

Şonuň üçin seresap bolmagyňyzy haýyş edýäris. Biz size diňe dogry we ygtybarly maglumatlary paýlaşarys.

Möhüm bellik
Ne “Atavatan Media”, ne-de “Makul Hyzmat” Terjime Merkezi, FIFA bileti ýa-da wiza boýunça hiç hili hyzmat BERMEÝÄRIS.
Biz diňe www.atavatan-turkmenistan.com we beýleki resmi hasaplarymyz arkaly size maglumat ýetirýäris.

Siziň ygtybaryňyz biz üçin gymmatly — biz size dogry maglumatlary bermegimize dowam ederis.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Hytaý Taýpeýi 3:1 hasabynda utdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Azerbaýjan atçylyk sportynda hyzmatdaşlyk eder

Türkmenistan dünýädäki goýun etini sarp ediji ýurtlaryň arasynda öňdeligi eýeleýär

Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistana döwlet sapary tamamlandy

Türkmenistan-Özbegistan: resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti “Ýokary derejeli dostluk” ordeni bilen sylaglandy

Ata Watan Eserleri