SPORT

Fransiýa pleý-off tapgyryna çykan ilkinji ýygyndy

Katarda geçirilýn futbol boýunça dünýä çempionatynda soňky çempion Fransiýa ynamly oýny bilen indiki tapgyryna çykmaga mümkinçilik alan ilkinji ýygyndy boldy.

Häzir toparlardaky 2 duşuşyklar geçirilýär. Birinji duşuşykda Awstraliýany 4:1 hasabynda ýeňen Fransiýa ikinji duşuşykda Ýewropanyň güýçli toparlaryndan Daniýa bilen oýnady.

“D” toparynyň ikinji duşuşygynda Fransiýa Daniýany 2:1 hasabynda utdy. Fransiýanyň gollaryny bu ýygyndynyň we dünýä futbolynyň täze ýyldyzy Kilian Mbappe öz adyna ýazdyrdy.

6 utuk toplan Fransiýa indiki tapgyra çykdy.

Bu toparda Awstraliýa Tunisi 1:0 hasabynda utup, möhüm 3 utugy aldy.

Şeýlelikde, “D” toparynda Fransiýanyň 6, Awstraliýanyň 3, Daniýanyň 1 we Tunisiň 1 utugy bar.

Related posts

Çempionlar ligasy täzeden başlaýar: “PSŽ” – “Bawariýa”

Serdar Rahimow Latwiýada kümüş medal gazandy

Türkmenistan sport ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment