TEHNOLOGIÝA

“Foxconn” kompaniýasy awtobus öndürdi

“Apple” kompaniýasynyň mobil enjamlarynyň uly bölegini Taýwanyň “Foxconn” kompaniýasy öndürýär. Kompaniýa soňky wagtlarda awtoulag senagatyna hemn aralaşýar. “Akylly” e4njamlaryň önümçiligini we önümleriniň tehnologiýa çözgütlerini işläp taýýarlaýan “Hon Hai Technology Group” (“Foxconn”) ilkinji elektroulaglaryny taýýarlady. Olar “Model C” ady bilen üýtgedip bolýan awtoulag, sedan görnüşli “Model E” we “Model T” atly awtobus. Ulaglaryň ählisi elekrik energiýasy bilen işleýär. Kompaniýanyň ýolbaşçylary indiki nesile degişli ulaglaryň öndürijisi bolmak isleýändiklerini belleýärler.

Geçen aýyň ahyrynda “Foxconn” elektrik energiýasy bilen işleýän ýük ulaglaryny öndürýän “Lordstown Motors”-yň ABŞ-nyň Ogaýa ştatyndaky zawodyny 230 million dollara satyn aljakdygyny mälim edipdi. Taýwan kompaniýasy 2023-nji ýyldan başlap, elektroulag öndüriji “Fisker” bilen bilelikde işlemegi meýilleşdirýär.

Awtoulag habarlary: Maýami halkara awtosergisi açyldy

 

Ýene-de okaň

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar

Türkiýede 5G döwri başlady

Türkmenistanda 5G we 4G+ torlaryny ýaýbaňlandyrmak üçin bäsleşik yglan edildi

Türkmenistan-Ýaponiýa: maglumat merkezleriniň ulgamy dörediler

«Türkmenpoçta» bütindünýä poçta birleşmesiniň halkara IPS sanly ulgamyna birikdiriler