DÜNÝÄ

Eýranyň täze prezidentini tassyklady

Eýran Yslam Respublikasynyň dini Lideri Aýatolla Ali Hamaneý ýurduň täze saýlanan Prezidenti Seýed Ebrahim Raisininň wezipesini tassyklady. Dini Lider Hamaneý bilen ýurduň täze Prezidentiniň arasynda bolan duşuşykda gyssagly çözülmeli meselelere has köp üns berildi.

Şeýlelikde, täze saýlanan Prezident Seýed Ebrahim Raisi ertir – ýagny 5-nji awgustda resmi taýdan wezipesine girişer. Munuň üçin dabara geçiriler. Oňa Ýewropa Bileleşigi hem öz wekilini iberýär. Ýewropa Bileleşiginden guramanyň daşary syýasat gullugynyň baş sekretarynyň orunbasary Enrike Moranyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşar.

Eýranyň Prezidentiniň wezipesine girişmek dabarasynda dünýäniň köp ýurdundan ýokayr derejeli ýolbaşçylara garaşylýar. Özbegistanyň, Täjigistanyň hem-de Nigeriýanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary eýýäm Tährana bardylar.

Eýranyň metbugat gulluklarynyň berýän habaryna görä, bu dabara 10 ýurduň döwlet Baştutany, 20 ýurduň parlamentiniň başlyklary, 11 ýurduň daşary işler ministrleri, 10 ýurduň dürli derejedäki ministrleri, şeýle hem köp sanly ýurduň parlament wekiliýetileriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Seýed Ebrahim Raisi 18-nji iýulda geçirilen Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanypdy. Ol ýurduň häzirki Prezidenti Hasan Ruhaniniň ornuna geçer.

Täze saýlanan Prezident Seýed Ebrahim Raisiniň wezipesine girişmek dabarasy Eýranyň parlamentiniň binasynda geçiriler.

 

Tokio-2020: 62 ýaşynda kümüş medalyň eýesi

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan Azerbaýjana minnetdarlyk bildirdi

Türkmenistan TDG-niň hökümet baştutanlarynyň mejlisine gatnaşdy

Türkmenistanyň we Tunisiň ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ýük daşamalaryny artdyrmagy maslahatlaşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Özbegistan: parlamentara gatnaşyklar maslahatlaşyldy

Özbegistanda «Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi» birinji Parlamentara forumy geçirildi