JEMGYÝET

Eýranyň Prezidenti Aşgabada geldi

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň VI sammitine gatnaşmak üçin paýtagtymyz Aşgabada geldi.

Hormatly myhmany Aşgabadyň halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow garşy aldy.

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnaly bilen bir hatarda köp sanly ýerli we daşary ýurtly habar beriş serişdeleriniň wekilleri Hazar sammitiniň çäklerinde bolup geçýän wakalary “Arçabil” myhmanhanasyndaky metbugat merkezinden öz okyjylar köpçüligine ýetirýär.

HAZAR DEŇZI KENARY BOLAN ÝURTLARYŇ UMUMY GYTMMATLYGY

Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisi Aşgabada ugramazdan ozal, Tähranyň Mehrebad howa menzilinde eden çykyşynda Hazar deňziniň kenary bolan ýurtlaryň bilelikdäki gymmatlygy bolup durýandygyny belledi.

Prezident Raisi Hazar deňziniň baýlyklaryny dolandyrmak hem-de dünýä jemgyýetçiligine ýetirmegiň Hazarýaka ýurtlarynyň esasy gün tertibindäki meseleler bolup durýandygyny belledi.

Soňky 30 ýylda Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň derejesine uly kanagatlanma bildiren Raisi Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylary bilen Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesi boýunça üstaşyr geçirmegi giňeltmek babatda pikir alyşjakdygyny belledi.

Azerbaýjanyň Prezidenti Aşgabada geldi

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny dörediler

Atagulyýew: Türkmenistan ulag geçelgeleriniň ösüşine aýratyn ähmiýet berýär

İlham Aliýew TDG-niň hökümet baştutanlary bilen duşuşdy

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdy

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy