DÜNÝÄ

Eýran türkmen gazyny Ermenistana ibermäge taýýar

Eýran Yslam Respublikasy Türkmenistanyň tebigy gazyny Ermenistan Respublikasyna “swap” görnüşinde ibermäge taýýardygyny belledi. Bu barada EÝR-niň nebit ministri Jawad Owji Ermenistan Respublikasynyň territorial dolandyryş we infrastruktura ministri Gnel Sanosýan bilen geçiren gepleşiklerinde belläp geçdi.

Eýranyň “Shana” habarlar gullugynyň habaryna görä, iki ýurduň ministrleriniň arasyndaky duşuşykda Türkmenistandan tebigy gaz alyş-çalşygy we bu ýurda tebigy gaz eksportynyň artdyrylmagy bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy.

Ministr Jawad Owji Ermenistanyň ministri Gnel Sanosýan bilen geçiren duşuşygyndan soňra beren beýanatynda: “Örän konstruktiw gepleşikler geçirildi. Türkmenistanyň tebigy gazyny Eýranyň üsti bilen Ermenistana ibermek babatda gepleşikler başlady. Eýranyň gaz infrastrukturasynyň ýokary mümkinçilikleri netijesinde, oňat netijeleriň gazanylmagyna garaşýarys” diýip belledi.

Eýranyň ministri öz tarapyndan Türkmenistanyň tebigy gazyny Ermenistana geçirmäge taýýardygyny belläp geçdi. Şeýle hem ol gaz eksportynyň artdyrylmagy, nebithimiýa önümleriniň önümçiligi babatda ylalaşyklaryň gazanylandygyny mälim etdi.

Türkmenistanyň tebigy gazynyň “swap” görnüşinde iberilmegi babatda sebitde oňyn tejribe gazanyldy. Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň noýabrynda Azerbaýjanyň, Eýranyň hem-de Türkmenistanyň arasynda üçtaraplaýyn tebigy gaz alyş-çalşygy şertnamasy gazanylyp, bu şertnama üstünlikli durmuşa geçirilýär.

 

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç almagyň tertibi

Ýene-de okaň

ABŞ-nyň dollarynda Trampyň suratyny ýerleşmek üçin kanun taslamasy

Türkmenistan-Bütindünýä banky: hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary maslahatlaşyldy

Türkmenistan bilen Özbegistan durmuş goraglylygy pudagynda hyzmatdaşlygyny giňelder

Parahatçylygy wagyz etmekde jemgyýetçilik torlarynyň mümkinçilikleri ulanylýar

Konsullyk, serhet we gümrük meseleleri boýunça hökümetara türkmen-eýran toparynyň mejlisi

Halkara Zähmet Guramasynyň ýokary derejeli wekiliýetiniň Aşgabada sapary