SPORT

“El-Klasiko”: “Real” topary “Barselonadan” üstün çykdy

Madridiň “Real” futbol kluby Ispaniýanyň çempionatynyň 10-njy tapgyrynyň öz meýdançasynda “Barselona” toparyny 2:1 hasabynda ýeňdi.

Ýeňiş gazanan toparyň gollaryny Kilian Mbappe (22-nji minutda) we Jude Bellinhem (43-nji minutda) geçirdiler. “Barselonanyň” toparyndan bolsa Fermin Lopes (38-nji minutda) tapawutlandy. 52-nji minutda Mbappe penalti ulanmagy başarmady.

Toparlar taryhda 305-nji gezek duşuşdylar. “Real” 112-nji ýeňşini gazandy, “Barselona” bolsa 129 gezek ýeňiş gazanypdy. 64 duşuşyk deňlik bilen tamamlandy. Bu toparlaryň şu möwsümde ilkinji duşuşygydy.

“Real” 27 utuk toplap, Ispaniýanyň çempionatynyň sanawynda 1-nji orny berkitdi. “Barselona” bolsa 22 utuk bilen 2-nji orunda ýerleşýär. Indiki tapgyrda “Real” 1-nji noýabrda “Walensiýany” kabul eder, “Barselona” bolsa ertesi gün öz meýdançasynda “Elçe” bilen duşuşar.

Related posts

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň senesine üýtgeşiklik girizilýär

Ata Watan Eserleri

Serdar Azmun üçin ylalaşyk gazanylmady

Ata Watan Eserleri

Çempionlar ligasynyň iň owadan goly