SPORT

Ronaldo Saud Arabystanydaky ilkinji kubogyny gazandy

Saud Arabystanynyň “Al-Nasr” toparynyň düzümine goşulmak bilen köp sanly ýewropaly futbolçylaryň hem arap ýurduna gelmegine ylham döreden Kristiano Ronaldo täze toparyndaky ilkinji kubogyny gazandy.

Saud Arabystanynyň “Al-Nasr” topary Arap çempionlar kubogynyň finalynda “Al-Hilal” topary bilen duşuşdy. Duşuşyk 2:1 hasabynda “Al-Nasr” toparynyň peýdasyna tamamlandy. Ronaldo toparynyň 2 goluny hem öz adynan ýazdyrdy.

Şeýlelikde, portugal futbolçy özüniň ilkinji kubogyny gazandy. Ol bu barada eden çykyşynda şeýle diýdi:

– Men toparyma ilkinji kubogyny gazandyrmaga goşan goşandyma buýsanýaryn. Topardakylaryň ählisine, maşgalama we dost-ýarlaryma şeýle uly üstünlige ýetmeginde beren goldawy üçin minnetdarlyk bildirýärin.

Şu ýyl hem düzümini Milinkowiç-Sawiç, Newes, Malkom we Koulibali ýaly güýçli futbolçylar bilen güýçlendiren “Al-Hilal” topary ozal 2 gezek gazanan bu kubogynyň 3-nji gezek finalynda ýeňildi.

Ýene-de okaň

Azerbaýjanda “UFC Fight Night” ýaryşlary geçiriler

George Haji Rumyniýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy

Döwletjan Ýagşymyradow 26-njy ýeňşini gazandy

“Bawariýa” 35-nji gezek Germaniýanyň çempiony boldy

«Real Sosýedad» 4-nji gezek Ispaniýanyň Şa Kubogyny gazandy

Messi Ispaniýanyň futbol klubynyň täze eýesi boldy