SPORT

Ronaldo “Al Nasr” toparyna geçýär

Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” topary bilen şertnamasyny ýatyran Kristiano Ronaldo Saud Arabystanynyň “Al Nasr” topary bilen şertnama baglaşdy.

1-nji ýanwardan portugal futbolçy saud toparyna geçer we ol ýerde 2,5 möwsüm oýnar.

37 ýaşly futbolçy her möwsüm üçin goşmaçalar we mahabat girdejileri bilen 200 million ýewro gazanar.

“Marca” neşiriniň habar bermegine görä, Ronaldo dünýäniň iň köp hak tölenýän türgeni bolar.

Ronaldo 5 gezek “Altyn pökgi” baýragynyň eýesi we şeýle hem ol 5 gezek Çempionlar ligasynyň çempiony.

Portugal futbolçy milli ýygyndylaryň, Ýewropa çempionatlarynyň, Çempionlar ligasynyň, “Real Madrid” toparynyň iň köp gol geçiren futbolçysydyr.

Ronaldo 2021-nji ýylyň tomsunda “Mançester Ýunaýted” toparyna geçipdi. Ol 2003-2009-njy ýyllar hem bu toparda oýnapdy.

Şeýle hem portugal futbolçy “Sporting”, “Real Madrid” we “Ýuwentus” toparlarynda çykyş etdi.

Related posts

“El-Klasikoda” ýene-de “Barselona” ýeňiş gazandy

Ýene-de tälimçilige dolanmakçy

Eriksen ahyry meýdançalara dolanýar

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment