BIZNES

Duşanbede türkmen-täjik işewürler forumy geçiriler

Şu ýylyň 6-8-nji apreli aralygynda Täjigistanyň paýtagty Duşanbe şäherinde iki ýurduň işewürler geňeşiniň birinji mejlisi hem-de işewürler forumy geçiriler. Bu barada Täjigistanyň Söwda-senagat edarasy habar berýär.

Bu çäreleriň çäklerinde iki ýurduň eksport ugurly harytlarynyň sergisi geçiriler. Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Täjigistan dürli ugurlarda, şol sanda söwda-ykdysady ugurda hyzmatdaşlygyny ösdürýär.

Türkmenistan öňde boljak çäreler 100-e golaý wekiliýet bilen gatnaşar. Täjigistandan bolsa, 200-den gowrak ýerli işewürler gatnaşarlar.

Çäreleriň esasy maksady, söwda pudagynda işewür hyzmatdaşlygy güýçlendirmekden, täze hyzmatdaşlary gözlemekden, bar bolan möhüm meseleleri we geljegi uly ugurlary ara alyp maslahatlaşmakdan, ykdysady we işewür gatnaşyklary, Täjigistanda we Türkmenistanda telekeçiler we maýadarlaryň arasyndaky gatnaşyklary has-da giňeltmekden ybaratdyr.

Mälim bolşy ýaly, golaýda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Täjigistanda saparda bolupdy.

Şol saparda Türkmenistanyň Prezidentiniň aprel aýynyň birinji ýarymynda Täjigistana amala aşyrjak resmi saparyna görülýän taýýarlyk meselelerini hem ara alyp maslahatlaşylypdy.

Ýene-de okaň

Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň mejlisi geçiriler

Türkmen-türk ykdysady hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Daşoguz şäherindäki pagta egriji fabrikde täze önümçilik işe giriziler

Türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

Türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi

Taryhy waka: «Aýdyň Gijeler» kompaniýasy Eswatini Patyşalygynda iki sany täze kärhanany gurýar