BIZNES

Sowadyjy ammarlar üçin karz serişdeleri

Türkmenistanyň Prezidenti degişli Karara gol çekti we bu Karar  bilen sowadyjy ammarlary gurmak we durkuny täzelemek boýunça işleri maliýeleşdirmek üçin karz serişdelerini bermek tabşyryldy.  Bu Karar ýurdumyzda  ýeralma, gök-bakja, miwe we beýleki oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak, olary talabalaýyk saklamak hem-de bu önümler bilen ilatymyzy elýeter bahalardan üpjün etmek maksady bilen kabul edildi. Resminama laýyklykda, «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankyna Merkezi bankyň serişdeleriniň hasabyna Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine käbir degişli sowadyjy ammarlary gurmak we durkuny täzelemek boýunça işleri maliýeleşdirmek üçin karz serişdelerini bermek tabşyryldy.

Related posts

Golliwudyň meşhur kinokompaniýasyny satyn aldy

Türkmen telekeçileri daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen şertnama baglaşdylar

Yragyň nebitgaz pudagyna 27 milliard dollar maýa goýlar

Ata Watan Eserleri