SPORT

Pedri indi «Barselonada»

“Barselona” topary Ispaniýanyň metbugatynyň geljekki Andres Iniesta diýip atlandyrylýan Pedro Gonsales Lopes gysgaça “Pedri” diýip atlandyrýan oýunçyny toparyna goşdy. Oýunçy bilen topar 2022-nji ýyla çenli şertnama baglaşdy. Gol çekiliş dabarasynda öz tolgunjyny saklap bilmedik 17 ýaşly ýyldyz şeýle belleýär: “Meniň halypa tutunýan oýunçym Andres Iniesta emma indi dünýäniň iň gowy oýunçysy hasaplanýan Leo Messiden köp zat öwrenesim gelýär”.

Ispaniýanyň ikinji çempionatynda çykyş edýän “Las Palmas” toparynda oýnan “Pedri” geçen möwsümde 36 oýuna çykyp, 7 gezek ýardam pasyny we 4 gezek gol geçirmegi başardy.

Ýene-de okaň

Ýurgen Klopp Germaniýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy

Karim Adeýemi Ispaniýanyň “Barselona” futbol klubyna geçdi

Ýamal bilen Holand iň gymmat futbolçylar boldy

Kazemiro “Inter Maýami” toparynyň futbolçysy boldy

Türkmenistanyň sport federasiýalary resmi internet saýtlaryny işe girizdiler

Dünýä çempionatynyň finalyny rekord derejede 63 million adam tomaşa etdi