DÜNÝÄ

«Tesla»-dan täze rekord

Elektrikli awtoulag öndürijisi “Tesla” kompaniýasynyň paýnamasy hem ilkinji gezek 6,5% göterim ýokarlanyp, 2 müň dollardan geçdi. Banklaryň we maýadarlaryň maglumatlaryny we seljermesini berýän “Refinitiv” -iň habaryna görä, Tesla kompaniýasynyň paýnamasy häzirki wagtda garaşylýan girdejiden 148 esse ýokary netije görkezdi. 2020-nji ýylda Tesla-nyň paýnamalary 300% göterimden gowrak artdy. Bu ýokarlanmagyň esasy sebäbi korona wirusy epidemiýasyna garamazdan köp zawodlaryň açylmagydyr. Geçen ýyl bahasy 350 dollar bolan Tesla 2 müň dollar derejesinden geçdi we soňky ýylda iň çalt ösýän awtoulag kompaniýasyna öwrüldi.

Related posts

Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministri wezipesinden boşadyldy

Çagalar üçin nusgalyk sahawat

vepa

“Greencard” loteriýasyna gatnaşmak tölegli bolar