BIZNES

Türkmenistan Londonda maýa goýum forumyny gurnar

Şu ýylyň 22-23-nji noýabrynda Beýik Britaniýanyň London şäherinde “Türkmenistanyň Maýa goýumy we ösüşi” atly halkara forumy geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada Türkiýe Respublikasynyň Daşary ykdysady aragatnaşyklar geňeşiniň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

Şol habarda, Türkmenistanyň Ankara şäherindäki ilçihanasy tarapyndan Türkiýäniň degişli edarasyna iberilen hatynda 22*23-nji nobaýbrda halkara forumyň geçirilýändigi beýan edilýär.

Şeýle hem Türkmenistanda maýa goýumlary özleşdirmek, türkmen bazarynda orun almak, söwda gatnaşyklaryny ösdürmek babatda bu forumyň ähmiýetiniň uludygy bellenilýär. Bu foruma halkara kompaniýalaryň ýolbaşçylarynyň, döwlet edaralarynyň wekilleriniň, bilermenleriň we hünärmenleriň gatnaşmagyna garaşylýar.

Related posts

Türkmenistan Hytaýa Garlyk käninde bilelikde iş alyp barmagy teklip etdi

Türk şirketi, Türkmenistan’a açtığı 67 milyon avroluk davayı kaybetti

Aziýa Ösüş Banky Türkmenstanda döwlet-hususy hyzmatdaşlygyna goldaw berer