BIZNES

Aziýa Ösüş Banky Türkmenstanda döwlet-hususy hyzmatdaşlygyna goldaw berer

Aziýa Ösüş Banky (AÖB) döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň (DÖP) strategiki binýadyny kemala getirmekde Türkmenistana işjeň goldaw bermegi meýilleşdirýär. Bu barada AÖB-niň hususy pudagy ösdürmek boýunça uly hünärmeni Dmitriý Kabrelýan «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» (IFT 2026) atly halkara forumda eden çykyşynda belledi.

AÖB-niň hususy pudagy ösdürmek boýunça uly hünärmeni Dmitriý Kabrelýan bu mehanizmiň mümkinçiliklerini doly açmak üçin anyk “ýol kartasynyň” döredilmeginiň we çemeleşmeleriň standartlaşdyrylmagynyň esasy şertdigini belleýär. Şeýle ulgamlaýyn çemeleşme diňe bir töwekgelçilikleri azaltman, eýsem milli taslamalary maýadarlar üçin has aýdyň we özüne çekiji eder.

AÖB we ÝÖÖB (EBRD) tarapyndan guralan bilelikdäki tegelek stol bu ugurda möhüm ädim boldy. Onda bilermenler halkara standartlaryny Türkmenistanyň ykdysady nusgasyna ornaşdyrmagy ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşyga gatnaşyjylar has geljegi uly bolan nusgawy taslamalary saýlap almagyň zerurlygyna üns berdiler. Hünärmenleriň pikiriçe, DÖP ulgamyndaky ilkinji başlangyçlaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň hakyky mümkinçiliklerini we maýa goýum taýýarlygyny görkezýän “tanyşdyryş kartasyna” öwrülmelidir.

Nusgawy maksatnamalaryň ornaşdyrylmagy döwlet bilen hususy telekeçiligiň özara täsirini iş ýüzünde kämilleşdirmäge mümkinçilik berer. AÖB diňe bir maliýe edarasy däl, eýsem dünýäniň iň gowy tejribesini ýerli şertlere uýgunlaşdyrmaga kömek edýän strategiki hyzmatdaş hökmünde çykyş etmäge taýýardyr. Bu bolsa hususy kapitaly netijeli ulanmak arkaly ýurduň infrastrukturasynyň hil taýdan täzelenmegi we uzak möhletleýin ösüş üçin binýat döreder.

Ýene-de okaň

Lebap welaýatynyň ykdysadyýeti 2026-njy ýylyň 3 aýynda ýokary ösüş depginini görkezdi

Şu ýyl Lebap welaýatynda 8 desganyň açylmagyna garaşylýar

Farap etrabynda täze söwda bazary gurlar

«Şabat» türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezinde söwda dolanyşygy ýokarlanýar

Yslamabatda türkmen-pakistan işewürlik hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy

Türkmenistan Malaýziýada geçirilen “OTC Asia 2026” halkara maslahatyna gatnaşdy