JEMGYÝET

Dünýäniň ýeke-täk gülgün reňkli deňiz jandary

Fotosuratçy Kristian Leýn seýrek duş gelýän gülgün reňkdäki skatyň (uly wagşy deňiz balygy) suratyny düşürdi. Adaty däl deňizde ýaşaýan jandar Awstraliýadaky uly Barýer rifinde duş geldi. Leýn fotoapparatynyň obýektiwinden bu jandary gören wagty fotoenjamyna bir zatlar bolandyr öýdýär.

Gülgün reňkdäki bu deňiz jandary Barýer rifinde köpden bäri ýaşaýar. Ony guwwazlar 2015-nji ýylda görüpdi. Uzynlygy 3 metre barabar bolan bu deňiz jandary  “Gülgüne pantera” filminiň baş gahrymanynyň hormatyna derňewçi Kluzo diýlip atlandyryldy.

Skatyň reňki entegem alymlar üçin syr bolup galýar. Alymlar bu balygyň derisiniň pigmentleriniň bozulmagy esasynda şeýle reňke öwrülendigini çaklaýar.

Related posts

Awazada halkara maslahat: 39 döwletden we 34 halkara guramadan wekiliýet gatnaşýar

Ata Watan Eserleri

Türkmen-rus gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy

Yeni yılın ilk tayına “Rowaç” ismi verildi

vepa