Täze Zelandiýanyň Hamilton şäherinde bir jübüt öz howlusyndaky haşal otlaryny arassalap ýören wagtlary dünýäniň iň uly ýeralmasyny tapdylar. Agramy 8 kilograma barabar bolan ýeralma “Dug” ady dakyldy. Şeýle hem Ginnesiň rekordlar kitabyna ýeralma üçin ýüztutma berildi.
Täze Zelandiýaly jübütler öz howlusynda tapan 8 kilo agramly ýeralma bilen dünýä rekordyny täzelemäge başladylar.
Ýeralmanyň agramynyň 7,8 kilogramdygy we häzirki wagtda Ginnesiň rekordlar kitabynda “dünýäde iň ulusy” bolan ýeralmadan takmynan 3 kilogram agyrdygy mälim edildi.
Şeýle-de bolsa, ägirt uly ýeralma bilen çalt nahar fransuz gowurmalarynyň 52 sanysyny we 40 töweregi uly ýeralma gowurmalarynyň öndürilip bilinjekdigi habar berildi.
Täze Zelandiýaly är-aýal Kolin we Donna Kreýg-Braun Hamiltondaky fermasynda “Dug” atly ýeralmasyny tötänleýin tapdylar.
Donna: “Biz muňa ynanyp bilmedik. Bu ýeralmanyň ullakan, ýöne ýakymsyz, mutant görnüşi bardy” diýip gürrüň berdi. Soň bolsa, Kreýg-Brauns “Dug” atly ýeralmany ammarlaryna çekip, onyň agramyny çekendiklerini aýtdy. Är-aýal, “Dug” ýeralmasynyň tanalmagy üçin Ginnesiň rekordlar kitabyna ýüz tutandyklaryny we olaryň jogaplaryna garaşýandyklaryny habar berdiler.
Beýleki tarapdan, ýeralma 30-njy awgustda tapylanyndan bäri sosial mediýada meşhur boldy. Kolin “Dug” ýeralmasyny götermek üçin kiçijik awtoulag gurandygyny we ýeralma papak dakandyklaryny aýtdy. Jübüt ýeralmanyň suratlaryny sosial mediýada ýerleşdirdi.
Kolin: “Biz gezelenje gitdik. Hemmesi gaty gyzyklandy. Biz adamlardan gaty gowy jogap alýarys. Şeýle-de bolsa, Dug wagtyň geçmegi bilen gurap başlady we horlanyp başlady. Dug birneme pese gaçyp başlady. Şonuň üçin ony arassaladyk we doňduryja saldyk” diýip gürrüň berdi.
Jübütler ýeralma barada: “ Ýeralma özbaşdak ulaldy we azyndan iki ýyl geçirdi diýip pikir edýäris. Bu, tebigatyň ýakymly täsinliklerinden biridir” diýdi. Dugyň geljegi häzirki wagtda näbellidir.