DÜNÝÄ

Dünýäniň iň garry prezidenti gaýtadan saýlandy

Kamerunyň prezidentligine 40 ýyldan gowrak wagt bäri bu wezipäni eýeläp gelýän Pol Biýa ýene-de prezident saýlawlarynda ýeňiş gazandy. Biýanyň ýeňşi ýurduň Konstitusion geňeşi tarapyndan yglan edildi.

Konstitusion geňeşiň maglumatyna görä, 92 ýaşyndaky döwlet Baştutany sesleriň 53,66% -ni aldy. Kamerunyň “Milli Halas ediş fronty” partiýasynyň dalaşgäri Issa Çiroma 35,19% -ni aldy.

Kamerunda prezident ýedi ýyl möhlete saýlanýar. Şeýlelik bilen, Biýa 99 ýaşyna çenli ýurdy dolandyrmak mümkinçiligine eýe boldy.

Pol Biýa 1982-nji ýyldan bäri Kamerunyň prezidenti bolup işleýär. Ol iň uzak wagtlap döwlet baştutany wezipesinde işleýän we dünýäde iň garry prezidenti bolup durýar. Şeýle hem, ol şa zenany Ýelizaweta II-niň aradan çykmagyndan bäri dünýäde iň garry döwlet ýolbaşçysydyr.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti «Energoprom-2026» Kazan forumyna gatnaşdy

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlaryny ösdürmegi maslahatlaşdylar

Türkmenistan-Ýaponiýa: suwuklandyrylan gazdan gelium gazyny öndürmek maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň ilçisi Malaýziýanyň oba hojalyk ministri bilen duşuşdy

Türkmenistan Russiýadaky Halkara ulag-logistika forumyna gatnaşýar

Türkmenistan Azerbaýjana minnetdarlyk bildirdi