5 gezek Olimpiýa çempiony bolan wenger gimnastikaçy Agneş Keleti 103 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada ozalky türgen we tälimçiniň maşgala agzalary habar berdi.
Keleti 1937-nji ýylda gimnastika bilen meşgullanyp başlap, 2 ýyldan soňra milli ýygyndynyň düzümine kabul edildi. 1940-njy ýylda milli çempionatynda ýeňiji boldy.
Ol 1947-1956-njy ýyllarda milli çempionatynda 46 altyn medal gazandy. 1952-nji ýylda Helsinkide geçirilen Olimpiýa oýunlarynda 1 altyn, 1 kümüş we 2 bürünç medal gazandy. 4 ýyldan soňra Melburnda geçirilen Olimpiýa oýunlarynda 4 altyn we 2 kümüş medalyň eýesi boldy.
10 sany Olimpiýa medaly bilen bir hatarda wenger türgen 1954-nji ýylda dünýä çempionatynda altyn, kümüş we bürünç medallaryň eýesi bolupdy.
2002-nji ýylda Keleti gimnastikanyň halkara şöhratlylarynyň zalynda orun aldy. 2023-nji ýylda ol dünýäniň iň garry olimpiýa çempiony diýen ada eýe boldy. 2025-nji ýylyň 9-njy ýanwarynda ol 104 ýaşamalydy.