Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Sizi, täze — 2024-nji ýyl bilen gutlaýaryn.
Si SZINPIN,
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Sizi Täze ýyl baýramy bilen gutlaýarys we iň gowy arzuwlarymyzy beýan edýäris.
Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio KISIDA
maşgalasy bilen.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!
Sizi we Türkmenistanyň doganlyk halkyny ýetip gelýän täze — 2024-nji ýyl bilen tüýs ýürekden, mähirli gutlamaga şatdyryn.
Tamamlanyp barýan ýylda bilelikdäki tagallalarymyz, amala aşyran özara saparlarymyz netijesinde taryhynyň, diliniň, dininiň hem-de medeniýetiniň umumylygy bilen baglanyşan dostlukly halklarymyzyň arasynda köpugurly, uzak möhletleýin gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn çuňlaşdyrylmagynda uly üstünlikler gazanyldy. Ähli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça yzygiderli işimiziň geljek ýylda-da dowam etdiriljekdigine, döwletlerimiziň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň bolsa hil taýdan täze derejä çykaryljakdygyna ynanýaryn.
Täze ýylda Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, jogapkärli döwlet işiňizde uly üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we mundan beýläk-de gülläp ösüş arzuw edýärin.
Hormatlamak bilen,
Şawkat MIRZIÝOÝEW,
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!
Sizi ýetip gelýän täze — 2024-nji ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Tamamlanyp barýan 2023-nji ýylda ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň we köpugurly hyzmatdaşlygyň möhüm wakalara, doganlyk halklarymyzyň düýpli bähbitlerine laýyklykda, ony yzygiderli ösdürmek boýunça bilelikdäki tagallalarymyza beslenendigini bellemek ýakymlydyr.
Biz şu ýylyň başynda iki ýurduň özara hyzmatdaşlygynyň täze taryhynda şanly senäni — diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyny belläp geçdik. Bu babatda Siziň Täjigistana amala aşyran döwlet saparyňyzy aýratyn bellemek isleýärin. Saparyňyzyň çäklerinde geçirilen gepleşikler täjik-türkmen dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ähli ugurlaryny netijeli ösdürmek üçin ýokary derejedäki yzygiderli döwletara dialogy dowam etdirmegiň möhümdigini ýene-de bir gezek tassyklady. Biz 2024-nji ýylda hem bu işi dowam etdirmäge doly taýýardyrys.
Bilelikdäki tagallalarymyzyň netijesinde, Täjigistanyň we Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň strategik hyzmatdaşlyk ruhunda mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynanýaryn.
Täze ýylyň öňüsyrasynda Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli döwlet işiňizde üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, mundan beýläk-de gülläp ösüş arzuw edýärin.
Hormatlamak bilen,
Emomali RAHMON,
Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Siziň Alyhezretiňiz!
Sizi Täze ýyl bilen gutlaýaryn.
Ilham ALIÝEW,
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
2024-nji ýylda Size parahatçylyk we ähli gowulyklary arzuw edýärin.
Wladimir ZELENSKIÝ,
Ukrainanyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Täze — 2024-nji ýyl mynasybetli Siziň Alyhezretiňizi tüýs ýürekden gutlaýaryn we Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, dostlukly türkmen halkyna bolsa mundan beýläk-de gülläp ösüş, rowaçlyk arzuw edýärin.
Tüýs ýürekden dostluk we hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.
Mohammed bin Zaýed Al NAHAÝÝAN,
Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Täze ýyl mynasybetli Size tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.
Serjio MATTARELLA,
Italiýa Respublikasynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Siziň Alyhezretiňiz!
Täze ýylda Size berk jan saglyk, uly üstünlikleri, ähli gowulyklary arzuw edýärin.
Pursatdan peýdalanyp, Koreýa Respublikasyna bildirýän gyzyklanmaňyz we goldawyňyz üçin tüýs ýürekden hoşallygymy beýan edýärin.
Ýurtlarymyzyň arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň bütin dünýäde parahatçylygyň, abadançylygyň pugtalandyrylmagyna goşant goşjakdygyna ynanýaryn.
Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok ÝOL
maşgalasy bilen.