JEMGYÝET

Dünýä çempiony bolan türgenler “Toyota Fortuner” kysymly awtomobil bilen sylaglandy

Şu gün paýtagtymyzyň Söwda-senagat edarasynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahaty we sergisi geçirildi. Şol halkara forumyň çäklerinde şu ýylyň 23-28-nji noýabrynda paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynda ýeňiji bolan türkmen türgenlerini sylaglamak dabarasy boldy.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken degişli resminamasyna laýyklykda, türkmen türgenlerini halkara ýaryşa taýýarlan tälimçiler Pälwanlarymyzy dünýä çempionatyna taýýarlan tälimçiler Dörtguly Tejenow bilen Şirin Kubaýewa «Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi» diýen hormatly at dakyldy hem-de «Toyota Camry» awtoulagy bilen sylaglandy.

Şeýle hem bu dünýä çempionatynda altyn medal gazanan türkmen türgenleri Dinara Rozykulowa, Mariýa Lohowa, Wepa Awlýakulow, Sabina Kadyrowa hem-de Daýanç Omirow 2023-nji ýylda öndürilen “Toyota Fortuner SR5” kysymly döwrebap awtomobil bilen sylaglandylar.

Bu günki dabarada Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň gahrymanlaryna gowşurylan Şa serpaýlary we dakylan hormatly atlar ýaş türgenleri täze üstünliklere ruhlandyrdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny dörediler

Atagulyýew: Türkmenistan ulag geçelgeleriniň ösüşine aýratyn ähmiýet berýär

İlham Aliýew TDG-niň hökümet baştutanlary bilen duşuşdy

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdy

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy