SPORT

Döwletjan Ýagşymyradow Simon Biýong bilen tutluşyga çykar

Garyşyk söweş sungaty boýunça türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradowyň PFL-iň regulýar möwsümindäki nobatdaky garşydaşy mälim edildi. Döwletjan Ýagşymyradow 2024-nji ýylyň 21-nji iýuny gijesi kamerunly Simon Biýong bilen tutluşyga çykar.

Mälim bolşy ýaly, golaýda Döwletjan Ýagşymyradowyň PFL-iň regulýar möwsümindäki ilkinji tutuluşygy geçirildi. Onda türkmen pälwany özüniň sloweniýaly garşydaşy Jeýkob Nedona garşy ynamly ýeňiş gazandy.

35 ýaşyndaky ildeşimiz Döwletjan Ýagşymyradow birnäçe ýyldan bäri garyşyk söweş sungatry sporty bilen meşgullanyp, uly üstünlikler gazanyp gelýär. Onuň gazanan ýeňişleriniň sany 22-ä deňdir.

Kamerunly Saýmon Biýongyň hasabynda bolsa 9 ýeňiş bar. 33 ýaşly türgen 4 gezek ýeňlişe sezewar boldy.

Döwletjan Ýagşymyradowyň nobatdaky tutluşygy ABŞ-nyň Ýuta ştatynyň Solt-Leýk-Siti şäherinde geçiriler.

Ýene-de okaň

Messi Ispaniýanyň futbol klubynyň täze eýesi boldy

Döwletjan Ýagşymyradow: göreş — meniň durmuşym

Döwletjan Ýagşymyradow şu agşam tutluşyga çykar

Ata Watan Eserleri

Meşhur futbolçy Hristo Stoiçkow Aşgabatda öz tejribesini paýlaşdy

Awstraliýaly türgen Useýn Boltuň 20 ýyllyk rekordyny täzeledi

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy