PEÝDALY MASLAHAT

Döwlet ýaşaýyş jaý gaznasyna degişli ýaşaýyş jaýy haýsy esaslarda berilýär ?

Türkmenistanyň Ýaşaýyş jaý kodeksiniň 63-nji maddasynyň birinji bölegine laýyklykda, döwlet ýaşaýyş jaý gaznasyna degişli ýaşaýyş jaýy bu ilatly ýerde hemişelik ýaşaýan ýaşaýyş jaý şertleri gowulandyrylmaga mätäç raýatlaryň toparyna degişli Türkmenistanyň raýatlaryna berilýär.

Agzalan Kodeksiň 66-njy maddasynyň birinji bölegine laýyklykda, döwlet ýerli ýaşaýyş jaý gaznasyna degişli ýaşaýyş jaýyny almaga hukugy bolan raýatlary hasaba kabul etmek ýaşaýan ýerleri boýunça etraplarda, etrap hukukly şäherlerde, etrapdaky şäherlerde, şäherçelerde we geňeşliklerde ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary, Geňeşler tarapyndan amala aşyrylýar.

Çeşme : minjust.gov.tm 

Ýene-de okaň

Nowruz ýaýlasyna awtobus gatnawlary guralar

Serhetabat-Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygy üçin iş orunlary yglan edildi

Türkmenistanda Şengen wizasyna ýüz tutýan raýatlaryň dykgatyna

Bir aýakda durmak synagy: Deňagramlylyk, ýykylyş howpy we ömür dowamlylygy bilen baglanyşykly möhüm görkeziji

Eliň gysyş güýji synagy: Umumy saglyk we ömür dowamlylygyny görkezýän möhüm ölçeg

Sitting–Rising testi: Adamyň biologiki ýaşyny we saglyk ýagdaýyny görkezýän ýönekeý synag