MEDENIÝET

Döwlet taryhy-medeni goraghanalaryň işi sanlylaşdyrylar

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Hökümet mejlisinde döwlet taryhy-medeni goraghanalarynyň işini sanlylaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda döwlet taryhy-medeni goraghanalarynyň 8-si hereket edip, ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda döreden ajaýyp taryhy-medeni ýadygärlikleriniň 1 müň 500-e golaýy döwlet tarapyndan hasaba alyndy. Ýadygärlikleri görmäge we zyýarat etmäge gelýän ýerli we daşary ýurtly syýahatçylara, jahankeşdelere hödürlenilýän hyzmatlary kämilleşdirmek maksady bilen, degişli çäreler görülýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň döwlet taryhy-medeni goraghanalarynyň işini sanlylaşdyrmak meselesine ünsi çekdi hem-de wise-premýere bu babatda degişli görkezmeleri berdi.

Related posts

“Euronews” Gazagystanda sebitleýin edarasyny açdy

TÜRKSOÝ Amangözel Şagulyýewanyň doglan güni üçin kitap çap etdi

Änew şäheri – türki dünýäsiniň medeni paýtagty boldy

Leave a Comment