MEDENIÝET

Dünýäde 1 milliarda golaý adam türk seriallaryny tomaşa edýär

Türkiýäniň seriallarynyň tutuş dünýädäki tomaşaçylarynyň sany 1 milliarda ýetdi. Bu barada Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň aragatnaşyk boýunça müdirliginiň başlygy Fahrettin Altun habar berdi.

Ol sungatyň we kinematografiýanyň diliniň möhüm ähmiýete eýedigini belläp, soňky 3 ýylyň dowamynda türk seriallaryna bolan gyzyklanmanyň 183 göterim artandygyny we munuň türk kinematograflarynyň üstünligi bolup durýandygyny belledi.

Türkiýäniň Telewideniýa we radioýaýlymlary guramasy bolan TRT tarapyndan ýaýlyma beriljek “Mehmet:ýeňijileriň soltany” atly serialyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa gatnaşan Fahrettin Altun türk seriallarynyň üstünligi barada gürrüň berdi.

– Häzirki wagtda dünýäde 1 milliarda golaý adam türk seriallaryny tomaşa edýär. Bu guwandyryjy üstünlikdir. Bu ugurdaky başlangyçlara uly ähmiýet berýäris – diýip, Altun belledi.

Fahrettin Altun serial surata düşürmegiň uly maýa goýumlary talap edýän taslama bolup durýandygyny belläp, bu taslamalaryň netijesinde Türkiýäniň medeniýetiniň, medeni mirasynyň we sungat durmuşynyň giňden wagyz edilmegine goşandynyň uludygyny aýtdy.

Täze ýaýlyma beriljek serialyň dünýä taryhy we medeniýeti nukdaýnazaryndan örän möhüm bolup durýandygyny belläp, onda Stambulyň hökümdary Fatih Soltan Mehmediň durmuşynyň giňden beýan edilýändigini belledi.

Ýene-de okaň

Tokioda türkmen milli gadymy lybaslarynyň, el işleriniň we şaý-sepleriniň sergisi açyldy

Fransiýada Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçirildi

Türkmenistanyň medeni mirasy Täjigistanyň Döwlet medeniýet we sungat institutynda görkezildi

Aşgabatda Russiýanyň kino festiwaly açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda aprel aýynda geçiriljek medeni çäreler

Ýur­du­myz­da des­san­çy bag­şy­la­ryň fes­ti­wa­ly ge­çi­ril­ýär