JEMGYÝET

“Diwan” myhmanhanasy we ulag toplumy açyldy

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyz Aşgabatda S.Türkmenbaşy we A.Nyýazow şaýollarynyň çatrygynda ýerasty awtomobil we pyýada geçelgeli “Mahabat” binasy ýerleşdirilen toplumyň hem-de “Diwan” myhmanhanasynyň açylyş dabaralary geçirildi. Bu möhüm desgalaryň açylyş dabarasyna hormatly Prezidentimiz hem gatnaşdy.

Milli Liderimiz ýerasty awtomobil we pyýada geçelgeli “Mahabat” binasy ýerleşdirilen toplumynyň toý bagyny kesip, awtomobil arkaly paýtagtymyzyň uly ýollarynyň biriniň herekete açylmagyna badalga berdi. Hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda, ýerasty awtomobil we pyýada geçelgeli “Mahabat” binasy ýerleşdirilen toplumyň taslamasyny düzmek we gurmak, ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak hem-de inženerçilik-kommunikasiýalaryny çekmek ýurdumyzyň telekeçilerine ynanyldy.

Ýeri gelende aýtsak, häzirki wagtda ýurdumyzyň telekeçileri Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga mynasyp goşant goşup,  dürli ugurlarda, şol sanda gurluşyk ulgamynda üstünlikli işleýärler.

Bu toplumyň ýerasty geçelgesi awtomobilleriň degişli ugry boýunça bökdençsiz hereketini üpjün edip, şäheri bu böleginde gatnawyň kadalaşdyrylmagyna ýardam eder.

Paýtagtymyzyň merkezi bölegindäki 2 esasy şaýollarynyň çatrygynda ýerleşýän “Mahabat” binasynyň umumy beýikligi 21 metre deňdir.

 

Paýtagtymyzyň merkezinde gurlan döwrebap ulag düzüminiň toplumy gelnaljy awtoulag kerweniniň geçmegi bilen utgaşyp gitdi.

“DIWAN” MYHMANHANASY – MYHMANLARY GARŞY ALAR

Dostlugyň hem-de parahatçylygyň mekany bolan Türkmenistan gelýän daşary ýurtly myhmanlara hyzmat etjek täze döwrebap “Diwan” myhmanhanasy açylyp ulanmaga berildi. Bu myhmana ýurdumyzyň esasy hyzmatdaşlaryndan biri bolan we dünýä belli “Rönesans” kompaniýasy tarapyndan guruldy.

Bu döwrebap myhmanhanada myhmanlary ýokary derejede hyzmat etmek hem-de dürli çäreleri geçirmek üçin ähli şertler döredildi.

Milli Liderimiz toý bagyny kesip, myhmanhananyň içine girip, onuň gurluşy bilen tanyşdy. Myhmanhananyň täze binasynda dürli görnüşli otaglaryň 131-si bar. Şeýle hem 110 orunlyk restoran, 128 orunlyk toý-dabaralar zaly guruldy.

Paýtagtymyzyň merkezi künjeginde gurlan “Diwan” myhmanhanasynda başga-da birnäçe desgalar bar. Bu ýerde fitnes zaly, dürli howuzlar, gözellik salonu we beýlekiler bar. Bu desgalaryň häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrmagy olaryň ähmiýetli aýratynlygydyr. Myhmanhanada maslahat we internet otaglary bar. Şeýle hem myhmanhananyň howlusynda ýapyk we açyk awtoduralga, tennis korty, köp ugurly sport meýdançasy we futbol meýdançasy bar. Şeýle hem açyk asmanyň astynda ýerleşdirilen howuz myhmanlaryň ygtyýarynda. Bu ýerde sowgatlyk önümleriň satuwyny guraýan dükanlaryň bardygyny hem bellemeli. Umuman, myhmanlaryň göwnejaý dynç almagy üçin ähli şertler döredilipdir.

 

Ýene-de okaň

Murat Boz: Türkmenistany öz Watanym ýaly görýärin

Aşgabatda sebitde iň uly Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezi gurulýar

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň resmi däl sammitine gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Murat Boz Türkmenistanda konsert berdi

Ata Watan Eserleri

“Ýylyň Sözüni” saýlana 1000 manat baýrak : “Makul Sözlük” teklip edýär