PEÝDALY MASLAHAT

«Daýhanbank» banky: «Talyp karzy» bank karzyny hödürleýär

Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky ýurdumyzda ýaşlary goldamak, olaryň döredijilik başlangyçlaryny höweslendirmek, hünärlerini kämilleşdirmek babatda amatly mümkinçilikleri döretmek maksady bilen, «Talyp karzy» atly bank karzyny hödürleýär:

«Talyp karzy» ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplaryň diňe degişli okuwynyň bahasyny tölemek üçin nagt däl görnüşinde berilýär.

Karzyň möçberi: 42000 manada çenli;

Göterim derejesi: ýyllyk 5 göterim;

Möhleti: 3 ýyl.

Karzyň üpjünçiligi hökmünde 15000 manat möçberine çenli zamunlyk we ondan ýokary 42000 manat möçberine çenli bolsa, girew kabul edilýär.

Hormatly talyplar we ene-atalar! Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky «Talyp karzyndan» peýdalanmak isleýän müşderileriniň ýüztutmalaryny we degişli resminamalaryny bankyň resmi www.dayhanbank.gov.tm internet sahypasy arkaly onlaýn görnüşinde kabul edýändigini ýatladýar.

Habarlaşmak üçin telefon belgilerimiz:

Aşgabat şäheri boýunça: 38-03-79; 38-02-86; 24-44-55; 24-52-85.

Ahal welaýat şahamçasy boýunça: (800137) 3-34-39.

Balkan welaýat şahamçasy boýunça: (800246) 5-21-51.

Daşoguz welaýat şahamçasy boýunça: (800322) 9-35-07.

Lebap welaýat şahamçasy boýunça: (800422) 9-13-48.

Mary welaýat şahamçasy boýunça: (800522) 6-76-40.

Ýene-de okaň

Döwlet notaruislary hyzmatlaryň täze töleg möçberi tassyklanyldy

Dr.Döwran Orazgylyjov

“Türkmenistan” awiakompaniýasy işe çagyrýar

Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalaryny sosial mediada yzarlalyň

Türkiýä talyp wizasyna ýüz tutmak isleýänler üçin bildiriş

Ata Watan Eserleri

Ýaldyrak dogdy

Türkmenistan boýunça 28-nji iýul-3-nji awgust aralygyndaky howa maglumaty