BILIM

Daşary ýurtly talyplar onlaýn okar

Russiýa Federasiýasynyň uniwersitetlerinde ýokary bilim alyp ýören we wagtlaýyn Watana gaýdyp gelen türkmenistanly talyplar 1-nji sentýabrda başlajak okuwlara onlaýn gatnaşyp bilerler. Russiýanyň Bilim we ylym ministrligi halkara uçar gatnawlary boýunça wagtlaýyn çäklendirmeler ýatyrylýança, daşary ýurtly talyplara onlaýn okamaga rugsat berdi.

Serhetler we halkara uçar gatnawlary açylansoň, talyplar okaýan uniwersitetine dolanyp baryp, doly okuw tertibine geçip bilerler. Ýöne Russiýa dolanyp baran daşary ýurtly talyplaryň ählisinde koronowirus ýokanjy boýunça lukmançylyk barlagynyň netijeleri we 14 günlük karantin çäreleri talap ediler.

Maglumatlara, görä, geçen okuw ýylynda Russiýada 297 993 sany daşary ýurtly talyp okady. Olaryň köpüsi Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Hytaýyň, Täjigistanyň, Ukrainanyň, Hindistanyň, Belarusyň, Azerbaýjanyň we Gyrgyzystanyň raýatlarydyr.

Ýene-de okaň

Türkmen diplomaty rumyn uniwersiteti bilen bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini maslahatlaşdy

Türkmenistanyň raýatlary üçin Hytaýda talyp hakly okamak mümkinçiligi

Eýranly professorlar tarapyndan geçirilen hünär kämilleşdiriş okuwlary geçirildi

Türkmenistan we Beýik Britaniýa bilim ulgamyndaky amaly hyzmatdaşlygy giňeldýärler

Londonda bilim ulgamynda türkmen-britan hyzmatdaşlygy babatda 4 resminama gol çekildi

Ýokary bilim we ylym boýunça Germaniýa–Merkezi Aziýa forumy geçirilýär