JEMGYÝET

Daşary ýurtlardaky raýatlarymyza zerur bolan kömegi bermek

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow düýn hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan geçirilen sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde şu ýylyň birinji çärýeginde ministrligiň alyp baran işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

Degişli döwürde Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ugruny durmuşa geçirmek hem-de döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek bilen baglylykda, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki, şol sanda halkara guramalarynyň ugry boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda degişli işler geçirildi.

Şu ýylyň martynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasyna resmi sapary boldy. Daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär.

Özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de netijeli medeni- ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek boýunça yzygiderli işler geçirilýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna dünýäde bolup geçýän ýagdaýlardan yzygiderli habarly bolmagyň möhümdigini, şundan ugur alyp, Türkmenistanyň gatnaşmagynda dürli halkara çärelerini geçirmek barada teklipleri bermegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz sözüni dowam edip, haýsydyr bir sebäplere görä beýleki ýurtlarda galan raýatlarymyzyň ýüztutmalaryna ünsli sereder ýaly we olara zerur bolan kömegi berer ýaly daşary ýurtlardaky ilçihanalarymyza tabşyryk bermegiň zerurdygyny aýtdy.

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Türkmenistan göni we “swap” tebigy gazyny eksport etmäge taýýar

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Türkmenistan “Transhazar” gaz geçirijisine çynlakaý garaýar

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri ABŞ-da Erik Stýuart bilen duşuşdy

Arkadag şäherinde we Awaza döwrebap golf meýdançalary gurlar

Türkmen ýaşlarynyň dykgatyna: Rumyniýada okamak üçin resminamalar kabul edilip başlanýar

Aşgabatda geçirilen maslahat Türkmenistanyň diplomatiýasynyň barha artýan ornuny tassyklady