BILIM

Daşary ýurt döwletlerinde berlen diplomy ykrar etmek:resminamalaryň sanawy

Daşary ýurtda alynan diplomy ykrar etmegiň täze sanawy kabul edildi. Şeýlelikde öň bar bolan zerur resminamalaryň sanawyna käbir üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.

Türkmenstanyň Bilim ministriniň 2019-njy ýylyň 29-njy martynda çykaran 80 belgili buýrugy bilen tassyklanan, Daşary ýurt döwletlerinde berlen ýokary we orta hünär bilimi hakyndaky resminamalary Türkmenistanda ykrar etmegiň Tertibini ulanmak boýunça Gözükdirijä üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek barada Buýruk kabul edildi. Türkmenistanyň Bilim ministriniň  2023-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda çykaran 20 belgili buýrugy bilen esasan hem pandemiýa döwründe daşary ýurt döwletlerinde okaýan talyplarymyzy gyzyklandyrýar. Bu karar  kabul edilenden soňra Diplom ykrar etmek üçin resminamalaryň sanawyna täze üýtgetmeler girizildi. Şol sebäpli täze sanawy Size ýetirýäris.

DAŞARY ÝURT DÖWLETINDE BERLEN DIPLOMY TÜRKMENISTANDA YKRAR ETDIRMEK ÜÇIN
ZERUR RESMINAMALARYŇ SANAWY

  1. Arza (bellenen nusga boýunça) – 2 sany (el ýazuwynda);
  2. Döwlet tarapyndan okuwa ugradylan raýatlar üçin anketa;
  3. Bellenen nusga boýunça özi we üç arkasy barada maglumat (nusga boýunça) – 2 sany
  4. 4 sany 3х4 fotosurat;
  5. Görkezilen nusga boýunça okuw mekdebiniň resmi blankynda ýazylan Arhiw kepilnama (türkmen diline terjimesi bilen) – 2 sany (asyl nusgasy we 1 sany göçürmesi);
  6. Türkmen diline resmi terjime edilen Diplomyň 2 sany göçürmesi (GDA agzasy bolmadyk
    ýurtlarda berlen diplom kanunlaşdyrylan bolmaly);
  7. Türkmen diline resmi terjime edilen diplomyň goşundysynyň (ýa-da Diploma Supplement)
    – 2 sany göçürmesi;
  8. GDA agza ýurtlaryň okuw mekdepleriniň akkreditasiýasynyň (terjimesi bilen) okuw
    mekdebi tarapyndan möhür bilen tassyklanan – 2 sany nusgasy.
  9. Okuw mekdebini okuw döwründe üýtgedenler, öňki okuw ýerinden aýratyn arhiw kepilnama
    getirmeli (terjimesi bilen) – 2 sany (asyl nusgasy we 1 sany göçürmesi);
  10. Okuw mekdebini okuw döwründe üýtgedenler ilki okan ýerinden akademik kepilanama
    getirmeli (terjimesi bilen) – 2 sany (akademiki kepilnamanyň asyl nusgasy ýok bolan
    halatynda, okuw mekdebi tarapyndan möhür bilen tassyklanan nusgasy hökman bolmaly);
  11. Resminamanyň eýesiniň erkine bagly bolmadyk ýagdaýlaryň (tebigy betbagtçylyk,
    epidemiýa, pandemiýa we beýleki şuňa meňzeş ýagdaýlar) ýüze çykmagy sebäpli daşary ýurt
    döwletiniň hünär bilimi edarasy tarapyndan kabul edilen bilim maksatnamalaryny elektron
    okuwlar we uzak aralykly bilim tehnologiýalary arkaly durmuşa geçirmegi dowam etmek
    barada namasy (terjimesi bilen) – 2 sany (asyl nusgasy we 1 sany göçürmesi);
  12. Raýat pasportynyň ähli sahypalarynyň göçürmeleri – 2 sany;
  13. Daşary ýurt pasportynyň ähli sahypalarynyň göçürmeleri – 2 sany;
  14. Türkmenistana we okan ýurdyna giriş we çykykşlary barada (nusga boýunça) düşündiriş;
  15. Bir sany Papka (20 faýl sahypaly) we bir sany aýratyn faýl;
  16. Okuwy 2000-nji ýyldan öň tamamlan raýatlar iş kitapçasynyň 2 sany nusgasyny getirmeli (iş
    kitapçasy elinde ýok bolsa işgärler bölümi tarapyndan tassyklanan bolmaly);
  17. Ikinji ýokary bilim hakynda resminama, magistr derejesi hakynda resminama, orta hünär
    bilimiň ýa-da akademiki kepilnamanyň binýadynda alnan ýokary bilim hakyndaky
    resminamalar ykrar edilen ýagdaýynda ozalky bilimi hakynda resminamalarynyň terjime
    edilen göçürmeleri we bar bolan halatynda Ykrar şahadatnamasynyň nusgasy – 2 sany.

Bellikler :

  • Resminamalaryň terjimeleriniň ählisi möhürlenen we asyl nusagada bolmaly.
  • Resminamalar Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda terjime etdirilip bilner. Resminamalaryňyzyň terjimeleriniň dogrylygyny özbaşdak barlamagyňyzy haýyş edýäris. Bilim ministrligi nädogry edilen terjimelerden ýüze çykýan ýalňyşlyklar üçin jogapkärçilik çekmeýär.
  • Resminamalar tabşyrylanda diplomyň (şahadatnamanyň) we diplomyň goşundysynyň, kepilnamalaryň asyl nusgalary hem-de resminamanyň eýesiniň we tabşyrmaga ynanylan şahsyň pasportlarynyň asyl nusgalary görkezilmeli.
  • Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň iş topary zerur bolan ýagdaýynda raýatdan onuň daşary ýurtda okandygy barada anyklaýjy goşmaça maglumatlary sorap biler.

Ýokaryda agzalyp geçilen Arhiw kepilnamasynda aşakdaky maglumatlar bolmalydyr.

  • Arhiw kepilnama Ýokary okuw mekdebiniň resmi blankynda ýazylan;
  • Okuwa kabul edilendigi, her okuw ýylyndan soňky okuw ýylyna geçirilendigi we okuwy tamamlandygy barada belgisi we senesi görkezilen ýokary okuw mekdebi boýunça çykarylan buýruklar. Buýruklaryň ýanynda okan döwründe okuwyň haýsy görnüşde (gündizki, gaýybana, agşamky) amala aşyrylandygy;
    – Okan hünäri boýunça okuwyň (gündizki, gaýybana, agşamky) görnüşiniň kadalyk ölçeg möhleti (4 ý., 5 ý., 6 ý.);
  • Diplomyň (şahadatnamanyň) seriýasy, san belgisi, berlen senesi.
  • Güwänama okuw mekdebiniň ýolbaşçysynyň (rektoryň ýa-da prorektoryň) goly bilen tassyklanan, GDA agza ýurtlar üçin döwlet tugraly möhür basylan bolmaly. (türkmen diline resmi terjimesi – 2 sany)

Halkara okuw resminamalaryň terjime hyzmaty : Makul Terjime

Daşary ýurtda  bilim almak isleýän talyplaryň resminamalaryň dogry we takyk terjime edilmegi wajyp bolup durýar. Şu maksat bilen Türkiýede we dünýäniň dürli künjeginde bilim almak isleýän talyplar halkara okuw resminamalaryň terjimesi ulgamynda ýöriteleşen “Makul Hyzmat” Terjime Merkeziniň Aşgabat şäherindäki merkezlerine ýüz tutup bilerler.

“Makul Hyzmat”  Terjime Merkezi

Aşgabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni)  köçesi, A Blok,

Makul Hyzmat Ofis, 4. gat, 401

Tel: +993 63 78 96 73 / + 993 12 96 48 55

Elektron poçta salgysy: makulhyzmat@gmail.com

Daşary ýurt diplomy ykrar edilýän uniwersitetleriň sanawynyň linkini aşakda Size ýetirýäris. 

Aşakda 2 sany aýratyn sanaw ýetirilýär we bu sanawlaryň haýsy hem bolsa birinde bar bolan daşary ýurt ýokary okuw mekdepleri tarapyndan berilen diplomlar bellenen şertleri ýerine ýetirmek bilen ykrar edilmäge degişlidir.

Diplomy ykrar edilýän halkara uniwersitetleriň sanawy-2023

Diplom ykrar üçin täze sanaw: Moskwanyň “Üç uniwersitetiň missiýasy” – 2022 :neÅŸir edildi

 

Ýene-de okaň

Türkmen talyplary üçin BAE-de okuw sapaklary guraldy

Ýurdumyzyñ 11 sany ýokary okuw mekdebi “UI GreenMetric 2024” halkara sanawyna girizildi

Türkmenistan bilen Estoniýa bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrar

Halkara Gyzyl Haç Komiteti Türkmenistanda halkara ynsanperwerlik hukugy boýunça okuw sapaklaryny gurnar

Türkmenistanda Rumyniýanyň uniwersitetiniň şahamçasy açylar

Türkmenistan-ABŞ: «Fulbraýt» maksatnamasynyň çäginde hyzmatdaşlyk ösdüriler