TEHNOLOGIÝA

Darwiniň mikroskopy auksiona çykýar

Iňlis tebigatçysy we ewolýusiýa teoriýasyny esaslandyryjy Çarlz Darwine degişli mikroskop Angliýanyň London şäherinde auksiona çykar. Mikroskop 343 müňden 480 müň dollar aralygynda alyjy tapar diýlip garaşylýar. Meşhur iňlis biology we tebigy taryhçy Çarlz Darwiniň ogluna beren mikroskopy 15-nji dekabrda auksionda satuwa çykarylar.

Mikroskopyň 1825-nji ýylda döredilendigi we Darwiniň döwülmän galan 6 mikroskopynyň biridigi aýdylýar. Beýleki tarapdan, Çarlz Darwin mikroskopy ogly Leonarda berdi we 200 ýyl töweregi wagt bäri Darwin maşgalasynda saklanylýardy.

Iňlis biologynyň bu mikroskop bilen zoofit diýilýän organizmleri öwrenendigi mälim edilýär.

Rus kino işgärleri kosmosdan gaýdyp geldiler

 

Ýene-de okaň

“Sanly çözgüt-2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler

5G: Arkadag şäheriniň ýokary mümkinçiligi

BAE 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi