TEHNOLOGIÝA

Bill Geýts “Android” ulgamly telefonlary ulanýar

“Microsoft” kompaniýasynyň esaslandyryjysy Bill Geýts köp ýyldan bäri “Android” ulgamly smartfonlary ulanýandygyny mälim etdi. Bu barada “Clubhouse” jemgyýetçilik torunyň sowallaryna jogap beren dünýäniň meşhur baýlarynyň biri bolan Geýts “Android” ulgamyndan peýdalanmagynyň sebäbi “Google” platformasyndaky enjamlaryň has amaly bolmagy bilen baglanyşyklydygyny belledi.

Geýts “iOS:-dan tapawutlylykda, “Android” ulgamynyň programma üpjünçiligi bilen operasiýa ulgamynyň arasyndaky gatnaşyklarda amatlydygyny belläp, “Netijede, bu meniň öwrenişen zadym” -diýdi.

Ýöne Bill Geýts käte “iPhone” kysymly telefonlardan hem peýdalanyp, maglumat tehnologiýasy bazaryndaky soňky gazanylýan üstünlikler bilen tanyşýandygyny belledi.

Geýts “Apple” kompaniýasynyň “akylly” awtoulag öndürmek baradaky meýilnamasy bilen baglanyşykly sowala şeýle jogap berdi. Onuň pikirine görä, awtonom, ýagny öz-özüni dolandyrýan ulaglaryň geljeginiň elektirk ulaglaryna garanyňda garaňkydygyny belledi. Ol kompaniýanyň “iPhone” kysymly telefonlary ýaly, bu ugurda oňat girdeji gazanyp bilmejekdigini mälim etdi.

 

Demir ýol gatnawlarynda hoş habar: synag gatnawlary ýola goýulýar

 

 

Related posts

“Xiaominiň” täze modelleri bilen tanşyň: “Wili” we “Liza”

Samsung Galaxy Z Flip 3 tapawutly görnüşi bilen satuwa çykar

vepa

Bill Geýts nädip başardy?

Ata Watan Eserleri