TEHNOLOGIÝA

Ýewropada emeli intellekt: “Audi”, “Siemens” we “Bosch” zawodlaryna ornaşdyrylýar

Ýewropanyň iň iri senagat kompaniýalary önümçiligi çaltlaşdyrmak we gowulandyrmak üçin emeli intellekti işjeň ornaşdyrýarlar diýip, Germaniýanyň “DW” neşiri habar berýär.

“Audi” kompaniýasynda emeli intellekt kebşirleme önümçiliginde ornaşdyrylyp, kemçilikleri ýüze çykaryp, işçilere olary tiz düzetmäge kömek edýär. Ýakyn wagtda bu ulgam kebşirleme wagtynda emele gelýän kynçylyklary awtomatiki aýyrmaga ýardam eder, bu bolsa gurnama işiniň tizligini we hilini ýokarlandyrar.

“Siemens” kompaniýasy senagat üçin aýratyn binýatlaýyn emeli intellekt modelini işläp düzýär. Ol tehniki çyzgylary, robot maglumatlaryny we önümçilik liniýalaryny bir ulgama birleşdirer. Şeýle çemeleşme näsazlyklary öňünden çaklamaga, logistikany optimizirlemäge we täze önümleri çalt ýola goýmaga mümkinçilik berer. Kompaniýa eýýäm müşderiler bilen senagat maglumatlaryny paýlaşmak boýunça hyzmatdaşlyk edýär, bu bolsa Ýewropada emeli intellekti giň gerimde ornaşdyrmagyň binýadyny goýýar.

“Bosch” kompaniýasy özbaşdak karar kabul edip, näsazlyklary düzedip bilýän awtonom ulgamlara ünsi jemleýär. Mysal üçin, enjamyň bozulmagy ýagdaýynda emeli intellekt beýleki zawodlaryň tejribesini we görkezmelerini seljerip, operatiw çözgüt hödürleýär. Bu çykdajylary azaldýar we hyzmatyň netijeliligini ýokarlandyrýar.

Ýewropa ABŞ we Hytaý bilen tehnologiýa babatda işjeň bäsdeşlik edýär. “OpenAI” we “Google” dil modelleriniň ösüşinde öňdeligi saklaýan wagtynda, hytaý kompaniýalary mümkinçiliklerini işjeň giňeldýärler. Ýewropanyň bolsa öz artykmaçlygy bar — baý senagat tejribesi we gaýtalanmajak maglumatlary.

“Spiegel” žurnalynyň geçiren seljermesine görä, senagatda emeli intellekti utgaşykly ornaşdyrmak Ýewropanyň dünýä derejesindäki bäsleşikde esasy üstünligi bolup biler.

Ýene-de okaň

“Toyota” satuw boýunça rekord goýdy

Aşgabatda «Ýaş inžener — 2026» atly bäsleşik geçirildi

Aşgabat-Türkmenabat awtomobil ýoly 4G ulgamy bilen üpjün edildi

“Apple” kompaniýasy baş direktory täzelenýär

Gresiýa 15 ýaşa ýetmedik çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan eder

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler