JEMGYÝET

COVID 19: Halkara sertifikaty üçin haýsy resminamalar zerur

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan tarapyndan halkara uçar gatnawlary tapgyrlaýyn açylýar. Ilkinji nobatda, ýakyn günlerde Aşgabat-Dubaý hem-de Aşgabat-Kazan uçar gatnawlary amala aşyrylar.

Bu gatnawlardan peýdalanmak isleýän raýatlar üçin “Türkmenistan” awiakompaniýasy tarapyndan COVID-19 bilen bagly halkara uçuşlar ýerine ýetirilen wagty ýolagçylara bildirilýän talaplar barada maglumat ýaýradypdy. biz hem şol maglumaty size ýetiripdik.

Şol maglumatda howa menziline barandan soňra ýolagçy bellige alynmazyndan ozal talap edilýän resminamalaryň hatarynda COVID -19 ýokanjyna garşy sanjym alnandygy baradaky Halkara sertifikaty hem bar.

Ine şol sertifikaty almak üçin gerekli resminamalaryň sanawyny Size ýetirýäris.

a. COVID -19 ýokanjyna garşy sanjym alnandygy baradaky Saglyk öýünden berilen kepilnamasy (Nusgasy)

b. Türkmen pasporty soňky ýazga duran ýeri bilen  (nusgasy)

ç. Biometriki  pasporty (nusgasy)

d. Daşary ýurda gidýändigi baradaky uçuş bileti (nusgasy)

Habarlaşmak üçin: +99312 28 22 85

 

 

COVID-19 bilen bagly halkara gatnawlarynyň ýolagçylary üçin çäklendirmeler

 

Ýene-de okaň

Mariýa Zaharowa: Eýrandaky rus raýatlaryny üstaşyr geçirmekde Türkmenistanyň ägirt uly kömegi bar

Türkmenistan Eýrandan gelen 16 ýurduň raýatlaryny kabul etdi

17 ýurduň raýaty Türkmenistanyň üsti bilen Eýrandan öz ýurduna barar

Täjigistanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Ogulabat ejäniň hünäri – türkmen zenanlary üçin görelde sungat mekdebidir

Türkmenistanyň raýatlary üçin Hytaýda talyp hakly okamak mümkinçiligi