PEÝDALY MASLAHAT

CAREC institutynyň direktory wezipesiniň boş iş orny barada

Direktor CAREC institutynyň ýolbaşçysy bolup, bu institutyň dolandyryş geňeşine hasabat berýär.

Direktor öz wezipesine kesgitlenen 2 ýyllyk möhlet bilen bellenilýär (2024-nji ýylyň noýabryndan 2026-njy ýylyň noýabryna çenli). CAREC institutynyň ştab-kwartirasy Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan Uýgur awtonom sebitiniň Urumçi şäherinde ýerleşýär.

Institut ABŞ-nyň dollarynda tölenilýän, halkara derejede bäsdeşlik edýän aýlyk haklaryny, ýeňillikleri we kompensasiýa paketlerini hödürleýär.

Dalaşgärler Türkmenistanyň raýatlary bolmalydyr. Olar resmi hatyň ýany bilen arzasyny we öz şahsy maglumatlaryny şu elektron salga iberip bilerler: 6.4min@fineconomic.gov.tm

Arzada «CAREC institutynyň direktory wezipesine dalaşgär bolmak» diýlip bellenilmelidir.

Arzalar 2024-nji ýylyň 5-nji awgustyna, sagat 17:00-a çenli iňlis dilinde ýazmaça görnüşde tabşyrylmalydyr.

Arzalara seredilenden soň, iňlis dilinde söhbetdeşlik geçiriler.

Institut deň mümkinçilikli edara bolup, bu wezipä dalaşgär hökmünde aýal-gyzlaryň ýüz tutmagyny hem höweslendirýär.

Habarnama diňe saýlanan dalaşgärlere ugradylar.

Bu wezipä ýüz tutmak üçin salgylanma şertlerini we ýazmaça soraglary aşakdaky web saýtdan ýükläp alyp bilersiňiz:

www.fineсonomiс.gov.tm

Ýene-de okaň

Serhetabat-Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygy üçin iş orunlary yglan edildi

Türkmenistanda Şengen wizasyna ýüz tutýan raýatlaryň dykgatyna

Bir aýakda durmak synagy: Deňagramlylyk, ýykylyş howpy we ömür dowamlylygy bilen baglanyşykly möhüm görkeziji

Eliň gysyş güýji synagy: Umumy saglyk we ömür dowamlylygyny görkezýän möhüm ölçeg

Sitting–Rising testi: Adamyň biologiki ýaşyny we saglyk ýagdaýyny görkezýän ýönekeý synag

Ýöreme tizligi synagy: Adamyň saglygy we ömür dowamlylygy barada möhüm görkeziji