JEMGYÝET

Bu gün Žurnalistler bäsleşer

Şu gün, ýagny sagat 14:00-da Aşgabat şäher sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň ýöriteleşdirilen küşt-şaşka mekdebinde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Žurnalistleriň arasynda sport bäsleşigi geçiriler. “Atavatan Türkmenistan”, “Türkmenistan Sport” halkara Žurnallarynyň hem-de “Türkmen sporty” gazetiniň bilelikde geçirýän bu bäsleşigi ýurdumyzyň habar beriş serişdeleriniň işgärleriniň arasynda iki gün, ýagny 4-nji we 6-njy aprel aralygynda dowam eder. Bu bäsleşikde Žurnalistler, esasan, sportuň şaşka, düzzüm, 5 daş, darts we futzal görnüşleri boýunça ýaryşarlar.

 Sport bäsleşiginiň ýeňijilerine we baýrakly orunlaryň eýelerine “Makul hyzmat” terjime merkeziniň wekilleri tarapyndan sowgatlar gowşurylar. 

          

 

Related posts

Iň ýaş syýahatçy

vepa

BMG-niň Awaza forumy: Milli Liderimiziň ikiçäk duşuşyklary

Ata Watan Eserleri

Türkmen haltercinin rekorları kabul edildi

vepa